Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.
Dünýä derejesinde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda ynanyşmagy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Awaza forumynyň ähmiýeti uludyr. Halkara goldaw we hyzmatdaşlyk arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara her on ýyldan bir gezek şeýle uly mümkinçilik döredilýär. 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, kiçi ada döwletleriniň, az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, abraýly halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, parlament agzalarynyň, iri işewürleriň gatnaşmagynda geçirilýän bu wekilçilikli forum diňe bir syýasy-diplomatik we ynsanperwer pikir alyşmalar üçin ygtybarly binýat bolman, eýsem, sebit hem-de dünýä ýurtlarynyň arasynda, şol sanda Türkmenistan bilen özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň hereketlendiriji guraly hökmünde hem taryha girer.
Türkmenistan üçin maslahat strategik ähmiýete eýedir, ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegine aýratyn goşant goşar. Forumyň çäklerinde täze taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag we logistika baglanyşyklaryny gowulandyrmak, energiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýet, ylym, bilim, sanly tehnologiýalar, ekologiýa, söwda, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga amatly şertler döredildi. Maslahatda ykdysady-söwda, ulag-logistika, töleg, gümrük, serhet päsgelçiliklerini ýeňip geçmek, maliýe çykdajylaryny azaltmak boýunça meselelere garaldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar ýokary ulag çykdajylary, üstaşyr ýurtlara garaşlylyk ýaly düýpli kynçylyklara duçar bolýarlar. Munuň özi olaryň ählumumy söwda we ykdysady ösüşe gatnaşmagyny düýpli çäklendirýär. Maslahatda bu kynçylyklary azaltmak üçin anyk çözgütler işlenip düzüldi. Infrastrukturany, sebitleýin integrasiýany ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek, has netijeli logistik ugurlary döretmek üçin goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, awtomobil, demir, howa ýollaryna, üstaşyr ulag geçelgelerine maýa goýumlary çekmek, gümrük düzgünlerini özara sazlaşdyrmak ýaly meselelere maslahatda uly orun berildi.
Maslahatyň gün tertibi ozal kabul edilen Hereketleriň Almaty maksatnamasyndan we Hereketleriň Wena maksatnamasyndan gözbaş alýan 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna esaslanýar. Maksatnamanyň geljek on ýylda ileri tutulýan ugurlary gurluşyň üýtgemegi we ylym, tehnologiýa we innowasiýa; söwda, söwdany ýeňilleşdirmek we sebitleýin integrasiýa; üstaşyr, ulag we birikme; uýgunlaşma kuwwatyny güýçlendirmek, çydamlylygy ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemegine hem-de betbagtçylyklara gowşaklygy peseltmek ýaly mowzuklarda maslahatlaryň birnäçesi geçirildi we degişli çözgütler kabul edildi.
Jemal SAPARGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.