Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreler geçiriler. Bu çäreler ata Watanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirer.
Golaýda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri boýunça maslahat geçirdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bellenildi. Şeýle hem bu maslahatyň ýokary guramaçylygyny üpjün etmek hem-de ýokary derejede guramak maksady bilen, sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara maslahaty geçirmek hakynda Kararnamanyň hem kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Bu ýokary wekilçilikli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bir hatarda başga-da köp sanly ýurtdan ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan ýurtlar hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini öz içine alýar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň deňze göni çykalga bolman, beýleki döwletler bilen söwda etmekde we başga meselelerde kynçylyklara sezewar bolýarlar. Kenarýaka desgalarynyň ýokdugy sebäpli olar üstaşyr geçiriji ýurtlara garaşly bolýarlar. Munuň özi söwda çykdajylarynyň artmagyna we gijikmelere getirýär. Kynçylyklara garamazdan, bu ýurtlar entek ulanylmadyk mümkinçiliklere eýe bolan jemgyýetleri özünde jemleýär. BMG-niň howandarlygynda geçirilýän üçünji maslahatyň ähmiýetini käbir mysallar hem aýdyň görkezýär.
Golaýda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen ýurtlar boýunça Ýokary wekil Rabab Fatimanyň hem gatnaşmagynda metbugat brifingi guraldy. Şonda bellenilişi ýaly, 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ýaşaýan 570 million adamyň durmuşynda düýpli üýtgeşmeleri girizmek üçin Awaza forumynyň ähmiýeti uludyr. Bu ýurtlar babatda aýdylanda, deňze çykalgasy bolmandygy üçin, söwda çykdajylary 74%-e çenli ýokarlanýar, kenarýaka ykdysadyýetlerine garanyňda eksportuň wagty iki esse artýar. Olar dünýä ilatynyň 7%-ini düzüp, bu ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmek üçin Awaza forumynda bu döwletlerde infrastrukturanyň kämilleşdrilmegi, ylym, tehnologiýa we innowasiýalar, söwda, söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sebit integrasiýasy, logistika, ulag we aragatnaşyk, howa şertleriniň we tebigy betbagtçylyklaryň täsirini azaltmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna seretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan döwletimiz geografik taýdan halkara ulag ulgamlarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýär. Döwletimiziň asyryň iri ulag taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy bilen täze taryh ýazylýar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hakynda pikir täze mazmuna eýe bolýar. Munuň özi sebitiň üsti bilen ulag gatnawlarynyň ösen döwürlerinde Türkmenistanyň we onuň ýerleşen sebitiniň tutuşlaýyn gülläp ösmegine, maddy gymmatlyklaryň jemlenen, ruhy medeniýetiň ösen merkezine öwrülmegine sebäp boldy. Şeýle ösüşleriň gazanylýan döwründe Hazaryň kenarynda geçiriljek forum dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagynda galýar.
Şirin ÇARYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Aýnabat IŞANGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.