5-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji Maslahatyna döwlet we hökümet baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary, 50 töweregi halkara guramalarynyň we 20-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy. BMG tarapyndan on ýylda bir gezek geçirilýän maslahaty we onuň çäklerinde meýilleşdirilen ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 40 töweregi ýurtdan 160-dan gowrak metbugat wekili gatnaşdy. Bu görkezijiler forumyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň global syýasy arenasyndaky ähmiýetini aýdyň görkezýändir.

Geçirilen dürli maslahatlara hökümetara we hökümete dahylsyz guramalaryň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň, ýaşlaryň, ylym-bilim dünýäsiniň bilermenleriniň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň işjeň gatnaşmaklary köptaraply hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Halkara forumyň çäginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary tarapyndan gurnalan birnäçe ugurdaş çäreler öz netijeliligini görkezdi. Geçirilen çäreleriň ählisiniň umumy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin hemmetaraplaýyn ýagty geljegi gurmakdyr.

Elbetde, forumyň esasy netijesi Awaza syýasy Jarnamasynyň we 2024-2034-nji onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny kabul edilmegi boldy. Bu resminamalar söwda ulgamyny ösdürmek, sanly özgerişlere geçmek, ulag koridorlaryny döwrebaplaşdyrmak, howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň dünýä ykdysadyýetinde mynasyp ornyny tapmak maksady bilen anyk çäreleri kesgitleýär.

Maslahata gatnaşyjylar geljek on ýylyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny onuň özara berkidiji esasy iş ugurlaryna ygrarlydyklaryny beýan etdiler:

  • düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnika we innowasiýalar;
  • söwda, söwda amallarynyň aňsatlaşdyrylmagy we sebitleýin integrasiýa;
  • üstaşyr geçirmek, ulag we arabaglanyşyk;
  • uýgunlaşmak mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, sarsgynlyga durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi, heläkçilikler babatda goragsyzlygy peseltmek;
  • amala aşyrmagyň serişdeleri ýaly ugurlara laýyklykda durmuşa geçirmek.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we goldaw bermegiň gurallary arkaly milli, sebitleýin we dünýä derejesinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek. Bu bolsa öz gezeginde ähli ýolbaşçylyk, jogapkärçilik we gözegçilik gurallarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Utgaşdyrylyp alnyp barylýan milli, sebitleýin we dünýä derejesindäki amallar Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin berk binýata öwrüler. 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň döredilen hyzmatdaşlyklary has-da pugtalandyrmaga we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň global ösüşe doly gatnaşmagyna we ýagty geljegine ynamly hereket etmegine mümkinçilik berjek täze bilelikdäki uzak möhletleýin meýilnamalary ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bilen aýdyp bolar. Türkmenistan hem öz gezeginde sebit hyzmatdaşlygy we ählumumy ösüşi öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmagy dowam etdirmegi maksat edinýär we milli tagallalary täze hereket maksatnamasynyň wezipelerine laýyklykda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikde işjeň we oňyn hyzmatdaşlyk etmäge dowam eder.

Habib Halmamedow,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy.