Ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Bu fo­rum dün­ýä­niň deň­ze gö­ni çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk 32 ýur­dy üçin kö­pu­gur­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak ba­bat­da mö­hüm hal­ka­ra meý­dan­ça bo­lup hyz­mat et­di. Hä­zir­ki äh­lu­mu­my­laş­ma we dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň üýt­gäp dur­ýan şert­le­rin­de bu döw­let­le­riň ösüş hem in­teg­ra­si­ýa me­se­le­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da bu döw­let­le­riň gel­jek on ýyl üçin ösü­şi­niň stra­te­gik ug­ru­ny kes­git­le­ýän 2024 – 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy yg­lan edil­di hem-de Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di. BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň 5-si kes­git­le­nil­di.
BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, 104 döw­let­den 1179, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 46-syn­dan 430, 35 döw­le­tiň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­den 166, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 13-sin­den 20, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­ja­nyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­rin­den 429 sa­ny, umu­my­lyk­da 2 müň 224 we­kil ýur­du­my­za sa­par bi­len gel­di.
5–8-nji aw­gust ara­ly­gyn­da 6 sa­ny ple­nar mej­lis, te­ma­ti­ki «te­ge­lek stol» du­şu­şyk­la­ry­nyň 5-si, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki fo­rum­la­ryň 7-si, ugur­daş çä­re­le­riň 37-si (şo­la­ryň 5-si Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan) ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 6-sy­na gol çe­kil­di. Bir­nä­çe ugur­daş çä­re­ler, şol san­da Ýaş­lar fo­ru­my we beý­le­ki kö­pu­gur­ly me­de­ni-yn­san­per­wer çä­re­ler hal­ka­ra mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­dy. Bu çä­re­ler ola­ra gat­na­şan ýaş­la­ra döw­re­bap pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­mä­ge, hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ra gat­naş­ma­ga, ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge, röw­şen gel­je­gi gur­mak işi­ne go­şant­la­ry­ny goş­ma­ga we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge oňyn şert­le­ri dö­ret­di. Mas­la­ha­ta dür­li ugur­larda köp san­ly türk­men ýaş­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy ýur­du­myz­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýaş­lar dur­nuk­ly ösüş, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, döw­re­bap bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly äh­lu­mu­my ugur­lar ba­bat­da ses­len­mä­ge, dü­şün­je­le­ri­ni baý­laş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Çä­re­le­re meý­le­tin­çi­le­riň, hu­su­san-da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni gowy bil­ýän ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy olar üçin bi­lim­le­ri­ni ama­ly­ýet­de kä­mil­leş­dir­mek, hal­ka­ra dip­lo­ma­ti­ýa çyg­ryn­da ba­şar­nyk­la­ry ele al­mak ba­bat­da gym­mat­ly tej­ri­be bol­dy. Şu­lar ýa­ly baş­lan­gyç­lar gel­je­gi­ gur­ýan ýaş­la­ryň ösü­şi üçin iň­ňän der­wa­ýys­dyr. Hä­zir türk­men ýaş­la­ry san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, in­no­wa­si­on bi­li­miň we yl­myň, tä­ze işe­wür­lik usul­la­ry­nyň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­na oňat dü­şün­ýär­ler. Bu ugur­da ze­hin­li ýaş­la­ry gol­da­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň nus­ga alar­lyk tej­ri­be­le­ri­niň bar­dy­gy örän buý­san­dyr­ýar.
Bu äh­lu­mu­my fo­ru­myň çäk­le­rin­de Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gy­nyň hem ge­çi­ril­me­gi ýur­du­myz­da ze­nan sar­pa­sy­nyň he­mi­şe be­lent­de tu­tul­ýan­dy­gy­nyň, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li her bir iş­de ola­ryň my­na­syp or­nu­nyň bar­dy­gy­nyň no­bat­da­ky aý­dyň gü­wä­si­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG-niň Awa­za fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gy­na on­lar­ça döw­letiň ýol­baş­çy ze­nan­la­ry gat­na­şyp, ze­nan dur­mu­şy­na de­giş­li mas­la­hat et­di­ler. Olar öz çy­kyş­la­ryn­da her bir ýur­duň özü­ne mah­sus me­se­le­le­ri­ni or­ta at­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ze­nan­la­ra go­ýul­ýan be­lent hor­mat-sar­pa, dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler we döw­let, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da, dür­li we­zi­pe­ler­de bil­di­ril­ýän uly ynam özü­niň buý­sanç­ly be­ýa­ny­ny tap­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň mil­li ka­nun­çy­ly­gyn­da ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň ke­pil­len­di­ril­ýän­di­gi­ni, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan dur­muş gol­daw­la­ry­nyň be­ril­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa BMG-niň Awa­za fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gyn­da eden çy­ky­şyn­da maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň di­ňe bir ýa­kyn adam­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan ka­da­lar bol­man, eý­sem, ter­bi­ýä­niň hem esa­sy­ny düz­ýän­di­gi­ni, bu gym­mat­lyk­la­ryň bol­sa ada­my şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la ge­tir­mek­de wa­jyp orun eýe­läp, maş­ga­la­ny, umu­man, jem­gy­ýe­ti pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­ja­nyň mil­li gün­le­ri, kon­sert­ler, şeý­le hem te­ma­ti­ki ser­gi­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak, halk­la­ryň baý me­de­ni mi­ra­sy bi­len iç­gin ta­nyş­mak, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry wa­gyz et­mek üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di.
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ösü­şi­ne hem oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hal­ka­ra çä­re­le­re gat­na­şy­jy­lar we ola­ry şöh­le­len­dir­ýän žur­na­list­ler Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň «il­çi­le­ri» bo­lup çy­kyş ed­ýär­ler. Olar öz to­ma­şa­çy­la­ry­na, oky­jy­la­ry­na we diň­leý­ji­le­ri­ne Di­ýa­ry­my­zyň bag­ty­ýar, asu­da, aba­dan dur­mu­şy­ny, dos­ta­na­ly­gy­ny, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ni şöh­le­len­dir­ýär­ler. Bu ul­gam­da ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň hem-de al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki ösü­şi, şeý­le hem hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gö­wün gö­te­ri­ji mag­lu­mat­lar dün­ýä de­re­je­sin­de giň halk köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bol­dy.
Şeý­le uly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi bi­ziň her bi­ri­miz üçin be­lent mer­te­be­dir, hal­ky­my­za hem-de Wa­ta­ny­my­za bil­di­ril­ýän be­ýik ynam­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, hormatly Prezidentimiz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bitarap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris.

Aýlar USSAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.