Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de köp sanly ugurdaş çäreler geçirilýär.
Şol çäreleriň çäklerinde Türkmenistan bilen foruma gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkino-Fasonyň daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministri Karamoko Jean Marie Traore Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Burkino-Fasonyň Daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
Meredow we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Pholile Shakantu Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekýärler.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny ösdürmek» taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekdiler.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň Baş sekretary Grynspan Rebeka Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «Sanlylaşdyrmak esasynda üýtgedip gurmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «akylly» gümrügi döretmek» atly Tehniki goldawyny bermek boýunça Taslama resminamasyna gol çekdiler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow we Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Boretskiý Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi.