«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dowam edýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen utgaşyklykda dürli ugurlara bagyşlanan sergiler hem ýaýbaňlandyryldy. 5-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda iri forumyň geçirilýän esasy meýdançasy bolan «Awaza» sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan sergide jemi 25 pawilýon gurnaldy. Sergi pawilýonlarynyň 21-si Ýewropa Bileleşigi, Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Zimbabwe ýaly döwletler, şeýle hem Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlarynyň banky (AIIB) tarapyndan guraldy.

Sergidäki pawilýonlaryň 4-si Türkmenistan tarapyndan guralyp, olar ýurt Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza, Diýarymyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda amala aşyrylýan işlere hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlandy.

Giň gerimli forum mynasybetli geçirilýän sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Sergi pawilýonlary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplaryň köpugurly mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.  Bu ýerde myhmanlara durmuşa geçirilýän taslamalar barada maglumat hem berilýär.