Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän syýahatçylyk mekany Awazada döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de ýokary derejeli wekiller, hökümet hem-de hökümete dahylsyz guramalaryň, hususy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň, ylmy toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» mowzugy astynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi.
Maslahatyň jemleýji plenar mejlisinde Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklady.
Şeýle hem Jarnamada üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen brifingde maslahatyň jemlerini teswirlemek bilen, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin ýagty geljegi gurmak maksady bilen bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň aýdyň we işjeň duşuşygy bolandygyny belledi. Öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýat boljak resminama – Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesidir diýip nygtady.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda, Awaza syýasy Jarnamasynda bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin anyk çäreleriň hem-de çözgütleriň beýan edilýändigini aýtdy. Ol «Awazanyň ady sagdynlyk, dynç alyş hem-de syýahatçylyk bilen sazlaşýar. Mundan beýläk bu täsin künjegiň ady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si üçin umyt-arzuwy hem-de giň mümkinçilikleri alamatlandyrýar» diýip, buýsanç bilen aýtdy.
Brifinge gatnaşyjylar geografik taýdan çäklendirmeleri ýeňip geçmek, maýa goýumlara elýeterlilik, dünýä söwda bazarlaryna çykmak hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin amaly gurallar bolup durýan, maslahatyň dowamynda makullanylan netijeleriň möhümdigini aýdyp,
2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň emele gelen netijeli dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ösüşine doly derejede gatnaşmaga, ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge mümkinçilik berýän täze, bilelikdäki geljegi uly meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýlelikde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan geografik we ykdysady meselelerini çözmek boýunça ählumumy tagallalarda möhüm tapgyr boldy. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi bolsa geljek on ýyl üçin anyk ösüş meýilnamasyny kesgitledi.
Sözümizi Gahryman Arkadagymyzyň maslahatyň açylyş dabarasyndaky çuň manyly çykyşynda aýdan sözleri bilen jemlesek ýerlikli bolar. Milli Liderimiz «Bu maksatlar syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň maslahaty umumy erki, jebisligi hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygy görkezmäge gönükdirilendir» diýip nygtady.
Umuman, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk
32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi.
Amangözel Satymowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.