5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary Wan Ýunuň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda amala aşyran saparynda döwletara gatnaşyklaryň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça dowam etdirmek, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde parlamentler derejesinde hyzmatdaşlygyň netijeli ulanylmalydygy barada aýdanlaryndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şol bir wagtda, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam edýändigi nygtaldy.

Duşuşykda taraplar Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, onuň çäklerinde guralan dürli çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň ýurtlaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.