Gahryman Arkadagymyz hem-de halkara maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy hem-de konserti boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Agşam Gahryman Arkadagymyz hem-de wekiliýet ýolbaşçylary dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň geçiriljek ýerine bardylar. Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhmanlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylandy.

Soňra bu ýerde, Hazar deňziniň kenarynda deňziň özboluşlylygyny wasp edýän edebi-sazly teatrlaşdyrylan çykyş görkezildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurduň amatly howa şertlerinde ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ter gök önümleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.

Ýurdumyzyň amaly-haşam sungatyna bagyşlanan diwarlykda türkmen halkynyň baý medeni mirasy öz beýanyny tapýar. Bu ýerde senetçileriň, suratkeşleriň, zergärleriň, neçjarlaryň önümleri ýerleşdirilipdir. Her bir önüm gadymdan gelýän usullar arkaly ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa olaryň özboluşlylygyna we ýokary hiline şaýatlyk edýär.

Sergide milli medeni mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuna üns çekilýär. Bu ýere gelenler dizaýn we önümçilik babatda amaly-haşam sungatynyň gadymdan gelýän milli däpleridir häzirki zaman usullary sazlaşykly utgaşdyrylan çemeleşmeleri bilen tanşyp bilýärler.

Soňra belent mertebeli myhmanlar dostlukly ýurtlaryň we Türkmenistanyň sergileri bilen tanyşdylar.

Dabara gatnaşyjylar serginiň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň ussat aşpezleri tarapyndan milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini hem-de olara mahsus ak öýleriň bezeg aýratynlyklaryny synladylar.

Her ýurduň sergi meýdançasynda ýörite taýýarlanylan ýerde myhmanlara ussat aşpezler tarapyndan tagamlar hödür edildi. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň aşpezlik däpleriniň baýlygy we dürlüligi, bu ýurtlaryň halklarynyň milli aşhanalary arkaly olaryň taryhy, medeniýeti we ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Olaryň aşhanasy özüniň köpdürlüligi bilen meşhurdyr. Medeniýetara gatnaşyklar bu halklaryň aşhanasynyň baýlaşmagyna täsirini ýetiripdir. Onda etli we tüwüli, gök önümlerden taýýarlanan tagamlar, dürli görnüşli çorba nahary aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem bu aşhanada süýjüliklere aýratyn ähmiýet berilýär.

Serginiň çäklerinde bu ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine hem giň orun berlipdir. Bu sergi oňa gatnaşýan ýurtlaryň baý däp-dessurlaryny we häzirki zaman döredijiligini birleşdirýän özboluşly medeni çäre boldy. Sergide bu ýurtlaryň halklarynyň köpasyrlyk mirasyny hem-de milli medeniýetini şöhlelendirýän surat, heýkeltaraşlyk, dokma, keramika önümleri, şaý-sepler we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Serginiň myhmanlary Gündogaryň amaly-haşam we senetçilik sungatlarynyň ajaýyp nusgalary, milli nagyşlar, haly önümleri, agaçdan we metaldan ýasalan esbaplar, bezeg önümleri, şeýle hem gadymy usullaryň döwrebap görnüşde dikeldilen nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem her ýurduň sergi meýdançasynda milli ak öýi dikilipdir.

Gahryman Arkadagymyz hem-de wekiliýet ýolbaşçylary soňra Türkmenistanyň sergi meýdançasyna geldiler. Bu ýerde myhmanlar ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen çap edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyň esasynda milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja hem-de miwe önümleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, halkymyzyň milli senetçilik däpleri özüniň köpöwüşginli aýratynlyklary bilen şöhlelendirildi. Sergide goýlan gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine hem-de türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Sergide türkmen milli saz gurallary hem görkezilýär. Dutar, gyjak, gopuz, gargy tüýdük ýaly türkmen milli saz gurallary belent mertebeli myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik däplerine eýerilip, Gahryman Arkadagymyz we wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň sergi meýdançasynda dikilen ýörite ak öýe, saçak başyna çagyryldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylaryň hormatyna resmi agşamlyk naharyna gatnaşmak hem-de dostlukly ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etmek üçin bellenilen ýere geçýärler.

Konsert «Waspnama — Arkadagym, Arkadagly Serdarym» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Diýarymyzyň özgerişleri wasp edildi.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu aýdym her bir güni beýik ösüşlere, zähmet üstünliklerine beslenýän parahatçylyk dörediji Watanymyza buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy.

Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Azerbaýjan, gazak, gyrgyz, täjik, özbek, rus, iňlis, ispan, fransuz, arap dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Aýdym-sazly, tansly çykyşlar dünýäniň şäherleriniň owadan ýerlerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny we medeni-ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül oglunyň, Özbegistanyň halk artisti we Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekowyň çykyşlary konsertiň maksatnamasynda aýratyn orun aldy.

Soňra konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Awazanyň kenary — dost-doganlyk mekany» atly aýdym ýaňlandy. Bu ajaýyp we şowhunly aýdym doganlyk halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyny hem-de sungatyň jebisleşdiriji güýjüni görkezdi.

Konsert tamamlanandan soňra sahnanyň açylmagy bilen, konserte gatnaşyjylar interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň sazlaşykly hereketleri esasynda döredilen şekillere tomaşa etdiler.

Soňra şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk Awazada agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.