12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Tähranda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çekilipdi. Tähran konwensiýasy diňe bir Hazaryň daşky gurşawyny mümkin bolan hapalanma çeşmelerinden goramak bilen çäklenmän, eýsem, onuň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, gorap saklamaga hem gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar. Bu maksatlara ýetmek üçin Hazarýaka döwletleriň özbaşdak ýa-da bilelikde ähli zerur çäreleri görmegi we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi zerurdyr.
Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar tarapyndan kabul edildi.
Hazar dünýädäki umman gelip çykyşly iň iri içerki suw howdanydyr. Dünýäniň täsin tebigy «merjeniniň» şanyna guralan şu gezekki çäreleriň esasysy «Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralan bu foruma Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň hünärmenleri, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Forumyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigi bellenilýär.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Bu taryhy, binýatlaýyn resminamada Hazar sebitinde dürli ulgamlar boýunça özara gatnaşyklaryň kanuny düzgünleri beýan edilýär. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa forumy geçirilipdi.
Forumyň dowamynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologiýa meseleleriniň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler degişli ulgamda sebitiň döwletlerinde, şol sanda “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işlere ünsi çekdiler. Bu maksatnama Hazar deňziniň ekologik meselelerini çözmäge, şol sanda ony hapalanmadan, biologik baýlyklarynyň tükenmeginden goramaga; häzirki meseleleri ýüze çykarmak we olaryň gerimine baha bermek üçin deňizde gözlegleri geçirmäge; hapalanma çeşmelerini ýüze çykarmaga; hapalanmanyň derejesini peseltmek we biologik baýlyklary dikeltmek arkaly Hazar deňzini halas etmek, onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky Konwensiýany işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi boldy. Häzirki wagtda bu resminamada kesgitlenen halkara hukuk esaslary Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýanyny tapýar.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän başga-da birnäçe halkara resminamalaryň, şol sanda Eýranyň Ramsar şäherinde BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasynyň (Ramsar konwensiýasy) kabul edilendigini nygtadylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa we awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşen, örän baý uglewodorod, balyk hem-de beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürýär.
Foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşýan möhüm birleşdiriji şertdigini bellediler. BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri öz çykyşlarynda Hazaryň deňiz gurşawynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almakda kenarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kanuny esas bolan Tähran konwensiýasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Konwensiýa umumy talaplary we Hazar deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş üçin institusional mehanizmi kesgitleýän giňişleýin dolandyryş gurluşy bolup hyzmat edýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy Hazaryň baý tebigy serişdelerinden tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek, topragyň, ekoulgamlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak, dürli okuw maslahatlaryny guramak arkaly mümkinçilikleri artdyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin daşky gurşaw çäreleriniň toplumy hökmünde Türkmenistanyň täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga we oňa tehniki goldaw bermäge taýýardyr.
Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek baradaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjyny goldaýar. Hazar deňzini dostluk we parahatçylyk zolagyna, halkara strategik durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm bölegine, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda ähli meseleleri çözmegiň nusgasyna öwürmek baradaky umumy maksat özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar.
Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ugurda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek hem möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Tebigatyň bu täsin künjegi ýumşak howa şertleri, mineral palçyk çeşmeleri, birnäçe kilometre çenli uzalyp gidýän altynsow çägeli kenarlary, “Hazar” döwlet goraghanasynyň baý biodürlüligi, şol sanda dürli batgalyk guşlary bilen meşhurdyr. “Hazar” döwlet goraghanasy Hazar deňziniň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we öwrenmekde möhüm orny eýeleýär. Goraghanada Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň (bekre, çapak), guşlaryň (gyzylgaz, ýaşylbaş, sakarbalak, gotan, uly ak durna) dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde Hazar deňziniň ösümlik, haýwanat dünýäsini öwrenmek, ekoulgamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek we olary goramak boýunça çäreleri işläp düzmek üçin ylmy barlaglar geçirilýär.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alyşmalaryny ýeňilleşdirmek üçin sanly platforma döretmegi göz öňünde tutýan «EcоPorts» güwänamasy bilen sylaglanan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işinde ekologiýa standartlarynyň berjaý edilmegi maslahatda aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri boldy. Bu ulgam, öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen gatnaşyklaryň ugurlary giňişleýin beýan edildi. Merkez Türkmenistanyň ekologiýa, ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. ÝHHG tarapyndan durmuşa geçirilýän «Hazar deňzi sebitinde «ýaşyl» portlara we özara baglanyşyga ýardam bermek» taslamasyna aýratyn üns çekildi. Bu taslama ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» energiýany ilerletmek bilen birlikde, birnäçe köpugurly wezipeleri-de çözmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan galyndylaryň tebigy gurşawyň ýagdaýyna edýän täsirini azaltmak boýunça bellenilen tertipde çäreleriň alnyp barylýandygyny, olary ýygnamak, daşamak, gaýtadan işlemek, peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak we ýerleşdirmek baradaky ýazgylaryň yzygiderli ýöredilýändigini bellemek gerek. Her ýyl kesgitlenen wagtda biologik suw baýlyklaryny goramak üçin deňziň akwatoriýasynyň we deňiz portunyň kanallarynyň nawigasiýa çuňlugyny degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýar.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Hazar deňziniň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuny nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini nygtadylar hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we şu gezekki çäräniň guramaçylygynyň ýokary derejesi, forumy geçirmek üçin döredilen şertler, tebigaty goramak çärelerine berilýän üns, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny, Hazaryň daşky gurşawynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek ugrunda ekologik maksatly wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyk beýan edilýär.
Hazar deňziniň gününiň çäklerinde medeni maksatnama taýýarlanylyp, myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençler guraldy.