22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.
Halklaryň baý medeni mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk, amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamak, ony dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça tagallalary goldamak häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Hormatly Arkadagymyz ýokary derejeli duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, onuň netijeleriniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge, bilelikdäki möhüm taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen zerur ädim boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedir
Prezident Şawkat Mirziýoýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynyň taryhy güne öwrülendigini aýratyn nygtady. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şöhratynyň dünýä dolmagyna goşant goşýar. Taryhy ähmiýeti bolan duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berer. Awazada geçirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda baý tejribe toplandygyny görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, özbek Lideri Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dürli ugurlar boýunça ägirt uly ösüşleri gazanýandygyny belledi. Munuň özi häzirki döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde, halkyň abadan durmuşynda öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, okgunly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa özara bähbitli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygynyň beýanydyr.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklar işjeňleşdirilmeli
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şu duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň hatarynda Azerbaýjanyň Fizuli şäheri bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekiljekdigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli we ýygjam häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.
Bitewi ulag strategiýasyny döretmek zerurdur
Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň täze ugurlaryndan peýdalanmakda goşandy örän uludyr. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini pugtalandyrmakda hem-de işjeňleşdirmekde, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzümini döretmekde sebitiň ýurtlary möhüm orny eýeleýär. Şunda söwda, senagat, ekologiýa, daşky gurşaw, oba hojalygy we beýleki ugurlar bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegi bilelikdäki tagallalara baglydyr diýip belläp, şu duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyz üçin örän ähmiýetli bolan meseleleriň birnäçesine garaljakdygyny aýtdy. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygynyň üstünlikli bolmagyny üpjün eder.
Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri doly üpjün etmekde milli energetika ulgamlarynyň ygtybarly goruny döretmek zerur bolup durýar. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn çemeleşme hem-de üç döwletiň gatnaşmagynda toplumlaýyn, hemişe hereket edýän energiýa serişdeler ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk möhümdir. Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
“Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgeleriniň biziň ýurtlarymyzyň çäginden, şeýle-de Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçip, yklymyň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu geçelgeleriň ulag ugurlaryny köptaraply esasda ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. “Munuň özi üç ýurduň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki ajaýyp mümkinçilikden peýdalanmagymyzy hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegimizi zerur hasaplaýaryn” diýip, Milli Liderimiz belledi.
Uzak möhletleýin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunda “Daşoguz — Şabat” serhetýaka söwda zolagynyň şu ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigine ynam bildirildi. Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny ýola goýmak babatda 2026 — 2035-nji ýyllar döwri üçin üç ýurduň çäginde senagat taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryň maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüp, bu çemeleşmäniň tehnologiýalary netijeli alyşmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, dünýä bazarlarynda önümleriň milli görnüşleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapynyň özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini aýdyp, üç döwletiň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.