Awstraliýanyň Hökümet Başlygy Entoni Albaniz sentýabrda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Palestina döwletini ykrar etjekdiklerini mälim etdi. Ministrler Kabinetiniň ýygnagyndan soňra žurnalistlere beýanat beren Albaniz öz ýurdunyň şeýle netijä gelendigini aýtdy.
Täze Zelandiýanyň daşary işler ministri Winston Peters hem öz ýurdunyň Palestina döwletini ykrar etmegi ara alyp maslahatlaşjakdygyny mälim etdi.
Soňky hepdelerde Angliýa, Kanada, Fransiýa, Malta we beýleki birnäçe ýurt Palestinany ykrar edip biljekdiklerini mälim edipdi.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasyna agza 193 ýuduň 147-si Palestinany ykrar edýär. Ýurduň Birleşen Milletler Guramasynda Watikan bilen bilelikde synçy döwlet statusy bar.