Amerikan binagärlik býurosy SOM we Awstraliýanyň “Hassell” binagärlik býurosy Awstraliýada soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek iri şäher gurmagyň uly göwrümli taslamasyny yglan etdiler.
Meýdany 114 gektar bolan Bredfild Siti (Bradfield City) diýlip atlandyrylýan şäheri Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda gurluşygy tamamlanan we şu ýylyň güýzünde açylmagy meýilleşdirilýän Günbatar Sidneý halkara aeroportunyň golaýynda gurmak göz öňünde tutulýar.
Binagärleriň pikiriçe, Bredfild Siti diňe bir ýaşaýyş ýeri bolman, eýsem, uniwersitet şäherçesi, seýilgähleri, işewürlik mähellesi we öz jemgyýetçilik durmuşy bolan geljegiň kämil şäheri bolar. Taslamanyň awtorlary Sidneýiň işewürlik merkezinden, takmynan, 50 kilometr uzaklykda ýerleşjek bu şäheriň Täze Günbatar Uels ştatynyň paýtagtynyň iň gözel ýerine öwrülip biljekdigine ynanýarlar.
Taslama 10 müň ýaşaýyş jaýyny, jemgyýetçilik ýerleriniň ulgamyny we birnäçe iri şäher merkezlerini öz içine alýar. Esasy elementleriň biri uzynlygy iki kilometrden gowrak bolan “Green Loop” ýaşyl seýilgähi, şeýle hem meýdany iki gektar bolan merkezi seýilgäh bolar. Şäherde jemi dört sany iri jemgyýetçilik klasteri meýilleşdirilip, olaryň her biri özboluşly atmosferasyna we belli bir hyzmatlar toplumyna eýe bolar.
Taslamanyň awtorlary ekologiýa taýdan arassalyga we Awstraliýanyň ýerli halklarynyň däp-dessurlaryna hormat goýmaga aýratyn üns berdiler — bu işde binagärlere “Djinjama” we “COLA Studio” studiýalary kömek etdi. Geljegiň şäheri “Country” (Ýurt) ýörelgesi esasynda taslanýar — bu ýere, suwa we asmana bolan aýratyn garaýyş bolup, olar ýerli ilat üçin ýönekeý bir daşky gurşawdan has uly many berýär.
PDF









