1911-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstraliýanyň Antarktika ekspedisiýasy “SY Aurora” gämisiniň Londondan hereket etmegi bilen başlady. Ekspedisiýa 1907-1909-njy ýyllarda Günorta polýusa syýahat eden awstraliýaly geolog Duglas Mawson ýolbaşçylyk etdi. Mawsonyň ilkinji maksady, Antarktikanyň Awstraliýa degişli kenarýaka böleklerini kartalaşdyrmakdan ybaratdy. Ekspedisiýa meteorologik ölçegleri, magnit gözegçiliklerini, giň okeanografik maksatnamany öz içine aldy. Şeýle hem onuň çäklerinde Antarktidada ilkinji meteorit tapyldy. Ýeriň sowuk sebitinden biologik we geologik nusgalar toplandy, ilkinji bolup Antarktida bilen Awstraliýanyň arasynda simsiz aragatnaşyk ýola goýuldy. Şeýle hem Antarktikada howa gämisiniň (howa traktory diýlip atlandyryldy) ulanylmagy üçin synanyşyk edildi.