Awstraliýanyň meşhur ýerleriniň biri bolan Uluru gaýasy özboluşly görnüşi bilen görenleri haýran galdyrýar. Sähralyga taşlanan daşa meňzeýän bu gaýa günüň dowamynda birnäçe gezek daşky görnüşini üýtgedip, dürli reňkde öwşün atýar. Çägeden we dürli minerallardan emele gelen bu depe Uluru – Kata-Týuta milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýär. 1873-nji ýylda üstünden barlan bu gaýa başgaça «Aýers Rok» hem diýilýär. 346 metr beýiklikdäki Ulurunyň umumy aýlawy 9,4 kilometre barabar bolup, uzynlygy 3,6 kilometre, ini 1,9 kilometre ýetýär. Bu depä başgaça monolit gaýa hem diýilýär.
Uluruda ýaşaýan gadymy taýpalaryň biri bolan aborigen halky üçin mukaddes ýerleriň biri hasaplanýan bu ýerde däp-dessurlar, milli dabaralar geçirilýär. 1994-nji ýylda Uluru – Kata-Týuta milli seýilgähi
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Olga dagy ýa-da Olgas diýlip atlandyrylýan Uluru gaýasy milli seýilgähiň 25 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Iň gadymy ýerleriň – ýadygärlikleriň biri hasaplanýan Uluru depesiniň emele gelşi barada dürlüçe pikirler bar. Käbir adamlar bu depäni hyýaly güýçler bilen baglanyşdyrýan bolsalar, köpler bu gaýanyň tebigy ýagdaýda emele gelendigine ynanýarlar. Bilermenler agramy, takmynan, 1,5 millard tonna ýetýän Uluru gaýasynda 4 million tonna çägäniň we mineral daşlaryň bardygyny çaklaýarlar. Aborigen däp-dessurlaryna görä, bu depä diňe erkek adamlaryň çykmagyna rugsat berilýär. Emma 1964-nji ýyldan 2019-njy ýyllar aralygynda Uluru gaýasyna jahankeşdeleriň uly toplumy, zenanlar hem çykdylar. Uluru depesine çykmak 2019-njy ýyldan başlap bütinleý ýapyldy.
Aşa yssy howasy bolan Uluru gaýasyna her ýyl müňlerçe syýahatçy barýar. Awstraliýanyň iň uly gaýasy bolan Uluru depesine awtoulagly baryp bolýar. Syýahatçylar açyk meýdanda çadyr dikip, gaýanyň üýtgäp durýan täsin görnüşini ýakyndan synlaýarlar. Uluru gaýasy Gün şöhlesiniň düşüşine baglylykda, irden, günortan, öýlän we agşamara sary, gyzgylt, gülgün, mämişi we narynç reňklerde şöhle saçýar. Bilermenler munuň sebäbini gaýanyň düzümindäki köp sanly minerallar bilen baglanyşdyrýarlar. Gaýany ýakyndan synlamak üçin Awstraliýa gitmegiň iň amatly wagty maý we sentýabr aýlary hasaplanýar. Bu ýerde syýahatçylar üçin Gün ýaşyp barýarka düýeli we welosipedli gezelençler guralýar.
PDF









