Awstriýa 14 ýaşdan kiçi çagalara jemgyýetçilik torlaryny ulanmagy gadagan etmek baradaky meýilnamasyny yglan edip, çagalar üçin jemgyýetçilik torlary babatda gadagançylyk girizmegi göz öňünde tutýan nobatdaky Ýewropa Bileleşigi ýurdy boldy.
Kansler Kristian Stokeriň apparatynyň sanlylaşdyrma boýunça jogapkär işgäri Aleksandr Pröll kanun taslamasynyň iýun aýynyň ahyryna çenli taýýarlanjakdygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, ulanyjylara gizlinligi saklamak bilen öz ýaşyny tassyklamaga mümkinçilik berýän «tehniki taýdan döwrebap usullar» ulanylar.
Parlamentiň tassyklamagyny talap edýän iň pes ýaşy girizmek baradaky meýilnamanyň haçan güýje girjekdigi entek belli däl.
Awstraliýa dekabr aýynda çagalary zyýanly mazmunlardan we ekranyň öňünde aşa köp wagt geçirmekden goramak maksady bilen, 16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik torlaryny ulanmagy gadagan eden dünýäde ilkinji ýurt boldy.