15-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Neda Bergeriň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine goşýan uly şahsy goşandy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän geljekki meýilnamalar we taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelerde işjeň gatnaşandygy üçin hanym Bergere türkmen tarapy minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de hanym Berger onuň hormatly sylaglary mynasybetli türkmen tarapynyň gutlaglaryny uly hoşallyk bilen kabul etdi.