25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza – Aşgabat aralygynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu ýolagçylara meşhur türkmen şypahana künjegine syýahat etmek üçin has amatly wagta meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Täze gatnaw Aşgabatdan 06:30-da Halkara awtomenzilinden (A.Nyýazow şaýoly, 422) ugraýar, Awazadan bolsa 13:30-da («Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan) yzyna gaýdýar. Ozal awtobuslaryň gatnawy günde bir gezek amala aşyrylýardy.

Biletiň bahasy 75 manat bolar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-35-30; 44-35-20

Saýt: www.auh.com.tm