Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
- Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmeli.
- Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini işini bes eden Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
- Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde:
1) Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi hakynda Düzgünnamanyň, ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini;
2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
PDF









