Awtoulag senagatynyň ösüşini açyp görkezýän dünýäniň iň uly çäreleriniň biri hem Nýu-Ýorkda geçirilýän awtoulag sergisidir. Bu serginiň çäklerinde dürli ugurlarda ýokary netije görkezýän ulaglara baýraklar gowşurylýar. Baýraklar dünýäniň dürli ýurdundan gatnaşýan žurnalistleriň ses bermegi bilen saýlanýar. Emin agzalaryň beren sesleriniň netijesinde “Ford Mustang Mach-E”, “Hyundai IONIQ 5” hem-de “KIA EV6” final tapgyryma çykmaga hukuk gazandy. Ahyrky tapgyra çykmagy başaran ulaglaryň üçüsiniň hem elektrik energiýasy bilen işleýändigi bellärliklidir.

Finalda Koreýa Respublikasynyň “Hyundai IONIQ 5” ulagy öňe saýlanyp, baş baýraga mynasyp boldy. Krossower klasyna degişli ulag “Dünýäde ýylyň elektroulagy” hem-de “Dünýäde ýylyň iň gowy dizaýny” baýraklaryna-da mynasyp boldy.

“Hyundai IONIQ 5” elektroulag kategoriýasynda “Audi e-tron GT” hem-de “Mercedes-Benz EQS” modelleri hem ýaryşypdy. Dizaýn ugry boýunça bolsa, bu ulag “KIA EV6” we “Audi e-tron GT” bilen bäsleşdi.

“Dünýäde ýylyň kuwwatly ulagy” hökmünde “Audi e-tron GT” birinji boldy. “Mercedes-Benz EQS” bolsa, iň lýuks ulag baýragyny aldy. “Toyota Yaris Cross” şäher ulagy kategoriýasynda öňdeligi eýeledi.

Babajan Atajanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby