9-14-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Mýun­hen şä­he­rin­de «IAA Mo­bi­li­ty 2025» at­ly hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si ge­çi­ril­di. Ýew­ro­pa­nyň iň uly ulag ser­gi­si «Bu­la­ryň äh­li­si mo­bil­lik ba­ra­da» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­di. Ser­gä dün­ýä bel­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri, teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry, şä­her me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­jy­la­ry gat­naş­dy. Şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta gat­na­şan dür­li ugur­da­ky hü­när­men­le­riň 500-den gow­ra­gy­nyň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di. Ses­si­ýa­lar­da eme­li aň, san­ly­laş­dyr­ma, ener­ge­ti­ka we «akyl­ly» şä­her­ler ýa­ly te­ma­lar­da pi­kir al­şyl­dy. Çä­re iki­çäk du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­di. Mun­dan baş­ga-da, ser­gi­de in­te­rak­tiw ser­gi­ler, sy­nag sü­rüş­le­ri we maş­ga­la­la­ra ni­ýet­le­nen dür­li çä­re­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Göz­den ge­çi­ri­liş­de di­ňe ulag­lar däl, eý­sem, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän iki ti­gir­li ulag­lar – we­lo­si­ped­ler we sku­ter­ler hem gör­ke­zil­di. Soň­ky ha­ryt­la­ry­ny we hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da köp ýyl­dan bä­ri bel­li bo­lan iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler bi­len bi­le­lik­de tä­ze işe baş­lan star­tap­lar hem bar. Ser­gi­de gör­ke­zil­ýän ulag­la­ryň ara­syn­da ne­mes brend­le­ri ag­dyk­lyk ed­ýär. Hy­taý­ly önüm ön­dü­ri­ji­ler bol­sa, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. 500 müň­den gow­rak ada­myň ba­ryp gö­ren ser­gi­sin­de ýa­kyn gel­jek­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak ulag­lar hem köp­çü­li­giň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­di. «Audi» kom­pa­ni­ýa­sy «Concept C» ula­gy­ny gör­kez­di. Üýt­ge­şik di­zaý­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýan iki orun­lyk elekt­rou­lag 2027-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. BMW-niň ta­nyş­dy­ran «eD­rive» teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze «iX3» elekt­roula­gy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 805 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär. Ulag 10 mi­nut­da 372 ki­lo­met­re ýet­jek zar­ýad al­ýar. «Volks­wa­gen» to­pa­ry­nyň ta­nyş­dy­ran «Cup­ra Raval» ula­gy şä­her­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nip­dir.
«Hy­un­dai Mo­tor Com­pa­ny» «Ioniq» bren­di­ne de­giş­li «Concept Three» at­ly mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. Tür­ki­ýe­de ön­dü­ril­jek elekt­rou­lag gel­jek ýyl sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
Hy­ta­ýyň «Le­ap­mo­tor» hem-de Ýew­ro­pa­nyň «Stel­lan­tis» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de ön­dü­ren «B05» we «B10» ulag­la­ry hem köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­di.
«Re­nault» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, hä­zi­re çen­li dün­ýä­de 5 mil­li­on­dan gow­ra­gy ön­dü­ri­len «Clio» mo­de­li­ni gör­kez­di.