Öten agşam bortunda 4 astronawt bolan kosmos gämisi ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kennedi kosmodromyndan asman giňişligine uçuryldy. 98 metrlik “Artemis II”-de 3 amerikan, 1 kanadaly astronawt bar. Missiýanyň dowamynda 4 astronawtdan ybarat ekipaž Aýyň daşyndan aýlanyp, 10 çemesi wagtdan yzyna geler. Şeýlelikde NASA-nyň astronawtlary Rid Wismen, Wiktor Glower, Kristina Koç hem-de Kanada Kosmos agentliginden Jeremi Hensen 10 günläp kosmos giňişliginde bolup, Ýeriň hemrasynyň daşyndan aýlanyp yzyna gelerler.