ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) Ýe­riň hem­ra­sy­na uçuş­la­ry gaý­ta­dan ýo­la goý­dy. 1-nji ap­rel­den 2-nji ap­re­le ge­çil­ýän gi­je be­ýik­li­gi 98 metr­lik «Ar­te­mis II» at­ly ra­ke­ta Flo­ri­da­nyň Ken­ne­di adyn­da­ky kos­mod­ro­myn­dan as­man gi­ňiş­li­gi­ne uçu­ryl­dy. Mis­si­ýa­nyň do­wa­myn­da 4 ast­ro­nawt­dan yba­rat eki­paž Aýyň da­şyn­dan aý­la­nyp, yzy­na ge­ler. Şeý­le­lik­de, NA­SA-nyň ast­ro­nawt­la­ry Rid Wis­men, Wik­tor Glo­wer, Kris­ti­na Koç hem-de Ka­na­da Kos­mos agent­li­gin­den Je­re­mi Hen­sen 10 gün­läp kos­mos gi­ňiş­li­gin­de bo­lup, Ýe­riň hem­ra­sy­nyň da­şyn­dan aý­la­nyp yzy­na ge­ler­ler. Em­ma olar Aýyň ýü­zü­ne gon­maz­lar. Aýa aýak bas­ma­gyň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy üçin «Ar­te­mis III» at­ly goş­ma­ça uçuş gi­ri­zil­di. Mun­dan ozal «Ar­te­mis III» uçu­şy bi­len Aýyň ýü­zü­ne go­nul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär­di. In­di bol­sa, Aýa aýak bas­jak iki ast­ro­nawt «Ar­te­mis IV» bi­len ug­ra­dy­lar. Bu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de NA­SA 2028-nji ýy­la çen­li Aýyň ýü­zü­ne il­kin­ji adam­ly uçu­şy ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
Adam­za­dyň soň­ky ge­zek Ýe­riň hem­ra­sy­na aýak ba­sa­ly bä­ri ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt geç­di. 1970-nji ýyl­lar­da NA­SA «Apol­lo» mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Aýa je­mi 24 ast­ro­nawt goý­be­rip­di. Ola­ryň 12-si Aýyň üstü­ne aýak ba­syp­dy.
«Ar­te­mis II» soň­ky ge­zek Aýa uçan «Apol­lo 17»-ä ga­ra­nyň­da, has uzak ýol­dan gi­der. Ast­ro­nawt­lar Aýyň Ýer­den adam­la­ra he­mi­şe gö­rün­ýän şol bir ta­ra­py­ny däl-de, bi­ze gö­rün­me­ýän «ga­raň­ky» ta­ra­py­ny hem gö­rer­ler. Bu sy­ýa­ha­tyň esa­sy mak­sa­dy gel­jek­de Aýyň ýü­zü­ne hem-de Mar­sa ama­la aşy­ryl­jak sy­ýa­hat­lar üçin mag­lu­mat we tej­ri­be top­la­mak­dan yba­rat bo­lar. Kos­mos gä­mi­si­niň da­şyn­da otur­dy­lan ka­me­ra ar­ka­ly dü­şü­ril­ýän şe­kil­ler hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bo­lup, in­ter­net ula­ny­jy­la­ry gö­ni ýaý­lym­da gö­rüp bi­ler­ler.

Aýsona Daňatarowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.