Gyş paslynyň iň naýbaşy baýramçylyklarynyň biri bolan Täze ýylyň esasy gahrymanlary Aýazbaba hem-de onuň agtyjagy Garpamykdyr. Ilkinji gezek Aýazbabanyň, ýagny Santa Klausyň şekili 1935-nji ýylda döredilipdir. Watany demirgazyk Laplandiýa hasaplanýan Santa Klaus, elbetde, hyýaly düşünjedir. Wagtyň geçmegi bilen Santa Klaus 25-nji dekabrda dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bellenilýän Roždestwo baýramçylygynda çagalara sowgat paýlap başlapdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde çagalaryň ortaça 7 ýaşa çenlisi Aýazbabanyň hakykydygyna ynanýarlar. Wagtyň geçmegi bilen Santa Klausyň keşbinde özgerişler bolup, bir elinde sowgatly haltasy, beýleki elinde jadyly hasasy, egninde ak sütükli gyzyl reňkli dony bolan, çagalara şatlyk we mähir paýlaýan keşp kemala gelipdir.
Çary GARAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.