1971-nji ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da “Apol­lo 15” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry De­wid Skott we Jeýms Ir­win Aýyň ýü­zü­ne aýak bas­dy­lar. Olar Ýe­riň hem­ra­sy­nyň ýü­zün­de aam­zat ta­ry­hyn­da üs­ti açyk ulag­da aý­lan­dy­lar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “Lu­nar Rover” at­ly ulag “Apol­lo 16” we “Apol­lo 17” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Aýa ba­ran ast­ro­nawt­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar.
“Boeing” ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan ba­ta­re­ýa­ly ula­gyň boş ag­ra­my 210 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lup, öz ag­ra­my­na ba­ra­bar ýük gö­te­rip bil­ýär. Ulag­da ast­ro­nawt­lar üçin iki orun­lyk otur­gyç hem-de dür­li en­jam­la­ry gö­ter­mek üçin ba­gaž göz öňün­de tu­tu­lan. Ti­gir­le­ri Aýyň top­ra­gyn­da he­re­ket et­mä­ge amat­ly bo­lan ula­gyň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 9,7 ki­lo­met­re ýet­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir. Şeý­le-de bol­sa “Apol­lo” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ula­gyň tiz­li­gi sa­gat­da 18 ki­lo­met­re ýet­ýär.