“Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty – Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugrudyr” ady bilen etrap häkimliginiň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklygynda aýdym-sazly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýürek buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara forumyň dünýä halklary üçin ähmiýeti barada uly buýsanç bilen nygtap geçdiler. Soňra maslahat etrap medeniýet bölüminiň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Etrabymyzyň tanymal aýdymçylary Arzygül Duşemowa, Jeren Amanowa, Aýmyrat Haýtekow, Perman Babajanow, Yhlas Atakeýew dagy özleriniň mahmal owazly aýdym-sazly çykyşlary bilen maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Olar şirin owazly aýdym-sazly çykyşlarynda parahat, asuda Watanmyzy, dost-doganlygy, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, mähriban Watanmyzyň dünýä ýüzindäki at-abraýny wasp etdiler. Etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň dost-doganlyk ýurtlaryň aýdymlaryny aýtmagy, tanslaryny ýerine ýetirmegi maslahatyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Gülhumar HOJAHMETOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni, etrap zenanlar bölüminiň kätibi.