Aý­lag­da­ky arap ýurt­la­ry – Bah­reýn, Ku­weýt, Oman, Ka­tar, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri öz ara­la­ryn­da bi­te­wi wi­za ul­ga­my­ny gi­riz­ýär. Ul­ga­myň şu ýy­lyň ahy­ryn­da ýa-da gel­jek ýy­lyň ba­şyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bir­le­şen sy­ýa­hat­çy wi­za­sy at­ly yg­ty­ýar­na­ma ba­ra­da­ky il­kin­ji tek­lip 2023-nji ýyl­da or­ta aty­lyp­dy. Düz­gün güý­je gi­ren­den soň­ra şol bir wi­za bi­len ag­zal­ýan al­ty ýur­da hem gi­rip bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýurt­la­ra bar­mak üçin aý­ra­tyn­lyk­da wi­za al­ma­ly bol­ýar. Düz­gü­ne gö­rä, beý­le­ki ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry di­ňe bir ýurt üçin aý­ra­tyn­lyk­da ýa-da äh­li­si­ne bar­mak üçin ýüz tu­tup bi­ler. Sy­ýa­hat­çy­lyk, gys­ga wagt­lyk ge­ze­lenç, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­ňa ýa-da dost­la­ryň­a myh­man­çy­lyga gitmek mak­sat­ly be­ril­ýän wi­za­ny şol bir plat­for­ma ar­ka­ly alyp bo­lar. Uzak möh­let­li ýa-da iş wi­za­sy üçin aý­ra­tyn ýüz tut­ma­ly bo­lar.

Gurbangeldi PAŞŞYKOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.