Dünýä belli ermeni asylly rus suratkeşi Iwan Aýwazowskiniň (ermeniçe: Owannes Aýwazýan) 1878-nji ýylda çeken “Aýly gije” kartinasy Moskwada guralan auksionda 92 million rus rubluna (takmynan, 1 million dollar) satyldy. Bu barada “Rus auksion öýüniň”-iň metbugat gullugy habar berýär.
“Aýly gije” atly kartina Konstantinopol (häzirki Stambul) we onuň diňleri görünýän deňiz peýzažydyr. Aýwazowskiniň bu eseri auksionyň esasy bölegi boldy. Auksionda XVIII-XX asyr sungat eserleri hödürlendi. Şeýle hem täze eýeler Ilýa Repiniň “Patriarh Filaret”, Nikolas Rerihiň “Gimalaý daglary”, Wasiliýa Wereşçaginiň “Belaýa Sludadaky Afanasiýa buthanasy” we heýkeltaraş Ernst Neizwestniniň “Ýol görkeziji Kentaur” heýkeli ýaly eserleri satyn aldylar. Auksionyň netijelerinden soň satuwlaryň umumy mukdarynyň 235,5 million rus rubluna (takmynan 2,6 million dollar) barabar bolandygy bellendi.