“Amazon” kompaniýasy aýlyk haklaryny ýokarlandyrmak kararyna gelendigini mälim etdi. Şereketiň ýolbaşçylary geçen ýyl bäsdeşlige ukyply işçileriň zehinlilerini özüne çekmek we saklamak üçin aýlyk haklaryny ýokarlandyrjakdygyny belläpdi. “Amazon”-yň geçen ýylyň 31-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, 1,6 million işgäri bar. Elektron ägirdi şol sanda sagatlyk işleýän ammar işgärleriniň we ofis işgärleriniň hem aýlyk haklarynyň ýokarlandyryljakdygy barada habar berdi. Ozal ammarda işleýänlere sagatlyk azyndan 15 dollar tölenýän bolsa, sentýabrdan başlap, 18 dollar tölenýär. Kompaniýa bu ýyl hem aýlyklaryň artdyryljakdygyny belledi. Pandemiýa döwründe kompaniýa logistika amallaryna has köp üns berip, ýüzlerçe müň adamy iş bilen üpjün etdi we täze işgärlere goşmaça hak töledi.