1967-nji ýylyň 4-nji fewralynda NASA-nyň “Lunar Orbiter” maksatnamasynyň çäklerinde “Lunar Orbiter 3” kosmos gämisi uçuryldy. Floridadaky Keýp Kaneweral kosmosdromyndan uçurylan bu enjam Aýyň ýüzünde “Surveyor” hem-de “Apollo” kosmos gämileriniň gonmagy üçin amatly ýeri tapmak maksady bilen işlenip taýýarlanýar. Şeýle bolansoň, “Lunar Orbiter 3” selenodezik parametrleri, radiasiýanyň dykyzlygyny we mikrometeoritleriň urma ähtimallylygyny öwrenmek ýaly zerur enjamlar bilen üpjün edilýär. Kosmos enjamy 4 günden soňra – 8-nji fewralda Ýeriň hemrasynyň ekwatoryna ýakyn orbitasyna ýerleşýär. Enjam 3 sagat 25 minutda Aýyň daşyndan aýlanýardy. “Lunar Orbiter 3”-iň ulanyş möhleti 8 aýdan soň, 9-njy oktýabrda tamamlanyp, orbitadan çykarylýar.
PDF









