Ukrainanyň “Naftogaz” topary Azerbaýjanyň SOCAR toparyna degişli “SOCAR Energy Ukraine” kompaniýasy bilen ilkinji gezek azerbaýjan tebigy gazyny satyn almak barada şertnama baglaşdy.
Bu barada “Naftogaz” kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, “Report” habarlar gullugy habar berýär.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, azerbaýjan gazynyň Transbalkan ugrunyň Bolgariýa–Rumyniýa–Ukraina geçelgesi arkaly synag görnüşinde ilkinji gezek eltip berlişi amala aşyryldy.
“Bu uly göwrümli bolmasa-da, strategik taýdan möhüm ädim bolup, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýoluny açýar. Şeýle hem bu ädim Ukraina üçin energiýa üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň ýene bir mysalydyr” diýip, “Naftogaz” kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Koreskiý belläp geçdi.
Ol “Azerbaýjanly kärdeşlerimize bildirýän ynamlary üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýip belledi.
Azerbaýjan kompaniýasy bu ýurtda 2009-njy ýyldan bäri iş alyp barýar.