Azerbaýjan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň Konsultatiw duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak isleýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Azerbaýjan tarapynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň geljekki mejlislerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilmegini makul bilýändigini aýtdy.

 -Olar şu gezek hem maslahata gatnaşmaga niýetleriniň bardygyny mälim etdiler, ýöne deslapky geňeşmeleriň bolmazlygy anyk ylalaşygyň gazanylmagyna mümkinçilik bermedi. Şunuň bilen baglylykda, garşylyk ýok bolsa, daşary işler ministrlerine bu meseläni çözmegi we diplomatik ýollar arkaly habar bermegi tabşyrmagy teklip edýärin – diýip, Sadyr Japarow 21-nji iýulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Çolpon-Atada geçirilen Konsultatiw maslahatynda belledi.