Azerbaýjanyň Prezidenti “Konstitusiýa we özygtyýarlyk ýyly” mynasybetli günä geçişini yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi.
Azerbaýjanyň metbugatynyň habaryna görä, kanun taslamasyna laýyklykda, günä geçişlik dürli adamlar toparlaryna, şol sanda, ölenleriň ýa-da dereksiz ýitenleriň ýakyn garyndaşlaryna, şeýle hem, belli bir sosial toparlaryň wekillerine – zenanlara, 60 ýaşdan geçen adamlara, jenaýat wagtynda kämillik ýaşyna ýetmediklere we beýlekilere degişli bolar. Şeýle hem taslama agyr bolmadyk ýa-da seresapsyzlyk zerarly günä iş edenleriň toparynyň boşadylmagyny göz öňünde tutýar.
Amnistiýanyň 20 müňden gowrak adama degişli bolup biljekdigi biljekdigi bellenilýär. Günä geçişlik baradaky kanun taslamasy Azerbaýjanyň Milli Mejlisine hödürlendi.