Aziýa ylmy-barlag we innowasiýalar üçin global merkeze öwrülýär. Bu ýagdaý sebitde ylmy-tehniki innowasiýa toparlarynyň sanynyň we hiliniň ep-esli ýokarlanmagy bilen şertlenýär. 2024-nji ýylyň innowasiýalary baradaky hasabaty Baos Aziýa forumy akademiýasy hem-de “Deloitte China” kompaniýasy tarapyndan bilelikde taýýarlandy.
Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda iň uly 100 ylym we tehnologiýa toparlary, esasan, Gündogar Aziýada, Günbatar Ýewropada we Demirgazyk Amerikada jemlenipdir. Şolaryň arasynda Ýaponiýadaky Tokio-Ýokogama topary dünýädäki iň uly we iň täsirli ylym we tehnologiýa merkezi hökmünde öňe saýlanypdyr.
Soňky wagtlar Guandun-Sýangan-Aomen diýlip atlandyrylýan Uly aýlak topary, esasy tehnologiýalarda gazanan üstünlikleri üçin halkara derejesinde ykrar edildi. Gündogar Aziýa patent arzalary boýunça dünýäde öňdeligi eýeläp, onuň paýyna bütin dünýäde berlen patent arzalarynyň umumy sanynyň 62,6 göterimi düşýär. Hytaý, patent arzalary we berlen patentleriň mukdary boýunça dünýäde birinji orunda durýar. 2023-nji ýylda 1,677 million arza berlip, 920 müň 800 patent berildi. Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy emeli aň we aragatnaşyk tehnologiýasyna berlen patentleriniň sany boýunça öňdäki orny eýeleýär.