Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň Aziýa zolagyndan ýene bir ýygyndy futbolyň iň uly ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu wagta çenli Aziýadan Ýaponiýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ýygyndylary bilen bir hatarda, ilkinji gezek wekilçilik etjek Özbegistanyň hem-de Iordaniýanyň hataryna Awstraliýanyň ýygyndysy hem goşuldy. Awstraliýanyň ýygyndysy toparçadaky jemleýji duşuşykda myhmançylykda Saud Arabystanynyň ýygyndysyny ýer eýeleriniň öňe geçendigine garamazdan, Metkalf hem-de Dýukuň gollary esasynda 2-1 ýeňip, bassyr 6-njy, umumylykda-da 7-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Şeýlelikde, Aziýa zolagynda 3-nji saýlama tapgyryndan soň 6 ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. 4-nji saýlama tapgyryndan soň olaryň hataryna ýene-de 2 ýygyndy goşular. Toparçada 3-4-nji orunlary eýelän 6 topar 4-nji tapgyrda 2 toparça paýlanar. Bu ugurda BAE, Katar, Yrak, Oman, Saud Arabystany hem-de Indoneziýa döwletleriniň ýygyndylary göreşer. 4-nji tapgyryň duşuşyklary merkezileşdirilen ýerde oktýabr aýynda geçiriler. 3 oýnuň netijesinde her toparçanyň lideri Dünýä Kubogyna ýollanma gazanar.
Aziýa zolagynda ýene bir ýygyndy bolsa yklymlar arasy pleý-off duşuşyklaryndan soň gatnaşyp biler.
Foto: the-afc.com internet saýtyndan alyndy.