23-24-nji aprelde Ýaponiýanyň Kumamoto şäherinde 4-nji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammiti geçirildi. Aziýa-Ýuwaş umman suw forumy 2006-njy ýylda Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Rýutaro Hasimotonyň başlangyjy bilen suw ätiýaçlyklarynyň durnukly ulanylmagyna ýardam bermek maksady bilen esaslandyryldy. Ilatyň arassa agyz suwuna elýeterliligini gowulandyrmak, suw infrastrukturasyny kämilleşdirmek, derýa howdanlaryny abatlamak we beýlekiler forumyň esasy ileri tutýan ugurlary bolup durýar. Sammite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 49 ýurdundan döwlet Baştutanlary, hökümet Baştutanlary, degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary, hususy pudagyň we halkara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Bu ýylky sammitiň mowzugy «Durnukly ösüş üçin suw: Geljekki nesiller üçin iň oňat tejribe». Bu çäre sebitiň suw howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurlygyny we ilatyň agyz suwuna bolan islegini nazara alyp, tejribe alyşmak, suw ätiýaçlyklaryny ulanmak we paýlamak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy. Sammite Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitiniň bilelikdäki ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Aziýa-Ýuwaş umman suw forumynyň we Ýaponiýa suw forumynyň prezidenti Ýoşiru Mori ýolbaşçylyk etdi.
2004-nji ýylda döredilen Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammiti, Aziýa-Ýuwaş umman suw forumynyň müdiriýetiniň wezipelerini ýerine ýetirýär. Global suw meseleleri boýunça barlaglary geçirmek, teklipleri taýýarlamak hem-de suwy tygşytly ulanmak bilen baglanyşykly Ýaponiýada toplanan nou-hau we tehnologiýalar bilen tanyşmaga höweslendirmek we Ýaponiýada we beýleki ýurtlarda suw serişdeleri bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek forumyň esasy wezipeleridir. Ýaponiýa suw forumynyň korporatiw agzalary 85 sany öňdebaryjy ýapon kompaniýasydyr. Forum suw pudagyna maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin birleşdiriji platforma bolup durýar.
Gibrid formatda geçirilen sammitiň açylyşynda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň mehanizmlerini ösdürmekde ýurduň tejribesi barada gürrüň berdi we bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde Ýaponiýanyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Sammitiň dowamynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kisida Fumio çykyş etdi. Ol soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde suw bilen baglanyşykly hadysalaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny belläp, Aziýa-Ýuwaş umman sebitine suw bilen baglanyşykly meselelerde kömek bermek başlangyjyny yglan etdi. Ol sebite ýakyn bäş ýylda, takmynan, 500 milliard ýen ýa-da 4 milliard dollar töweregi kömek berjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişlilikde, sebitiň döwletleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Bu döwletleriň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak hem-de peýdalanmak meselesine çemeleşmeleri umumy halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde garaýar. Milli, sebit derejesinde durmuş-ykdysady taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyrylanda, bähbitleriň köptaraplaýyn hasaba alynmagyna, oýlanyşykly deňeçerlige we zelelleri azaltmaga esaslanýar.
Maslahatyň ahyrynda, sammite gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnaklary we işewürlik maksatnamasyna goşulan beýleki çäreler geçirildi. Sammitde jemgyýeti özgertmek we durmuşyň hilini ýokarlandyrmak, maýa goýumlaryny ardyrmak we adam potensialyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalary goldamak, şeýle hem, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek we sammite gatnaşýan ýurtlarda bolup geçýän suw meselelerini çözmek üçin köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň gurallaryny mobilizlemek maksady bilen anyk teklipleri öz içine alýan «Kumamoto Jarnamasy» kabul edildi.
Jarnamada sebitdäki ýurtlaryň ylmy we tehniki jemgyýetçiligi suw meselelerini çözmek maksady bilen howa, geografik we milli şertleri nazara alyp, suw hojalygy pudagyndaky innowasiýalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça tagallalara goşulmaga çagyrylýar.
Iki gün dowam eden çäräniň dowamynda dokuz sany parallel tematiki sessiýa, bölüm sergileri we dört toplumlaýyn sessiýa geçirildi.