Aziýanyň ykdysadyýeti 2025-nji ýylda 4,5% öser we satyn alyş kuwwatynyň deňligi boýunça global jemi içerki önümiň paýy 48,6 göterime ýeter. Bu barada Aziýa üçin Boao forumynyň hasabatynda aýdylýar. Çaklamalara görä, Hytaý, Hindistan, Wýetnam, Mongoliýa, Kamboja we Indoneziýa ýaly ýurtlar 5 göterimden gowrak ykdysady ösüşi bilen ýokary depginini saklar.
Şeýle hem hasabatda Aziýanyň ykdysadyýetlerine daşary ýurt maýa goýumlarynyň dünýädäki umumy mukdaryň 60 göteriminiň düşýändigi bellenilýär. Maýa goýumçylary üçin iň özüne çekiji ýerler Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň (ASEAN) ýurtlary bolup galýar. Mundan başga-da, bu sebit ylmy barlaglara, işläp taýýarlamalara maýa goýumlary hem-de patent arzalarynyň sany boýunça öňdebaryjydyr.
Aziýada ykdysady integrasiýanyň söwda şertnamalary arkaly çuňlaşýandygy bellenip, olaryň arasynda ählitaraplaýyn sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, Ýuwaş ummany hyzmatdaşlygy we sanly ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasy bar.
-Söwda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi hem integrasiýa prosesini çaltlaşdyrýar – diýip, Pekiniň Sosial ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri Wan Pen aýtdy.
Hasabata laýyklykda, Hytaý Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde söwdanyň durnuklylygyny üpjün edýän global gymmatlyklar zynjyrynda möhüm orny eýeleýär. Ýurduň sanly ykdysadyýetiň çalt ösmegi, elektron söwdada we ykjam töleglerde öňdebaryjylyk, Hytaý ykdysadyýetiniň açyklygy sebit hyzmatdaşlygy we ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikler döredýär. Ýurduň sanly ykdysadyýetiň okgunly ösüşi, elektron söwdada we ykjam töleglerde öňdebaryjylyk, şeýle hem Hytaý ykdysadyýetiniň açyklygynyň ýokary derejesi sebit hyzmatdaşlygy we ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikler döredýär.