Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) dünýäde azyk önümleriniň bahasynyň alty aýdan bäri arzanlaýandygyny mälim etdi. Munda ösümlik ýagynyň bahasynyň peselmeginiň täsiri uly bolupdyr. FAO-nyň beren maglumatyna görä, harytlaryň halkara bahasyndaky aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO Azyk baha indeksiniň bahasy sentýabrda awgust aýyna görä, ortaça 1,1 göterim peselip, 136,3 bal bolupdyr. Şeýlelikde, altynjy aýda-da düşüş hasaba alnypdyr. Şeýle-de bolsa indeksiň bahasy geçen ýylyň sentýabryndaka garanyňda 5,5 göterim ýokary bolupdyr.
Ösümlik ýag indeksi bolsa, önümçiligiň artmagy hem-de nebitiň bahasynyň pes bolmagy sebäpli, aýlyk derejede 6,6 göterim azalyp, 2021-nji ýylyň fewralyndan soňky iň pes derejä ýetipdir.
Şekeriň baha indeksi bolsa, dünýäniň iň uly şeker eksportçusy bolan Braziliýada ýokary hasyla garaşylýandygy we etanolyň bahasynyň pes bolmagy sebäpli awgust aýyndakydan 0,7 göterim azalyp, geçen ýylyň iýulyndan soňky iň pes derejä düşüpdir. Süýdüň bahasy bolsa, 0,5 göterim azalypdyr.
Şirin Babaýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby