Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň nahalhanasynda agaç nahallaryny we bägülleri ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenabat şäheriniň orta okuw mekdepleriniň, ýörite hünär okuw mekdepleriniň okuwçy, talyp ýaşlary şeýle-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleri, agzalary, tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Olar jemgyýetiň nahalhanasynda aýlanyp görüp, nahallaryň, bägülleriň ýetişdirilişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýlede nahal we gül ekmegiň agrotehnikasy barada tejribe alyşdylar.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda agaç ekişlik çäreleriniň guramaçylykly geçirilmeginde jemgyýetiň bagbanlarynyň goşýan goşantlary aýdyň duýulýar. Nahalhanamyzda ýurdumyzyň toprak, howa şertlerine uýgunlaşan agaç nahallarynyň, hoşboý ysly gülleriň dürli görnüşleriniň şitilleriniň müňlerçe düýbi ýetişdirilip, ýazky bag ekişlik çäresiniň öňüsyrasynda agza bolup durýan edara-kärhanalara, mekdeplere, çagalar baglaryna we saglyk öýlerine paýlanyp berler.
Bu bolsa biziň Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ýerine ýetirip, “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň hasda dabaralanmagyna özlerimiziň mynasyp sowgadymyz bolar.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriniň, mekdep mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleriniň ýetişdirilýän agaçlaryň ynsan saglygyna edýän täsiri dogrusynda eden çykyşlary has-da täsirli boldy.
Biz geljekde hem işlerimiziň depginini gowşatman, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden milli “Tokaý” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amal edilmegine, Eziz Diýarymyzyň jenneti mekana öwrülmegine goşýan saldamly goşantlarymyz bolar.
Maksat Hajyýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.
PDF









