17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň «Bagtly zamana» diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyz Diýarymyzda täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurup ulanmaga bermek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginde dowam edýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, obalardyr şäherçeler bina edilýär. Olarda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän dürli maksatly desgalar gurulýar, abadan durmuş, netijeli zähmet çekmek, göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Bagtly zamana obasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda «Bu gün gözel Diýarymyzyň welaýatlary, etraplary we şäherleri barha özgerýär. Nusgalyk obalardyr şäherçelerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Durmuş eşretleri ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin gurulýan ähli obalary gurşap alýar. Bu işleriň düýp many-mazmuny bolsa ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatda kesgitlenendir» diýip bellenýär.
Dabarada edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ýaşaýyş-durmuş infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda merkezleri, beýleki desgalar halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar Bagtly zamana obasynyň etrabyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady bolandygyny belläp, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bagtly zamana obasy 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny özünde jemleýär. Obadaky täze orta mekdepde çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Mekdepde döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty hem giň okuw otaglary, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, kitaphana göz öňünde tutulypdyr.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek baş wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda täze lukmançylyk edaralary, anyklaýyş merkezleri, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Täze obadaky döwrebap saglyk öýi hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän lukmançylyk tehnikalary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.
Döwrebap söwda merkezinde azyk önümlerinden başlap, gündelik durmuşda zerur bolan hojalyk harytlaryny satyn almak bolýar. Munuň özi ýurdumyzda haryt-söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň, ilatyň azyk we hojalyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagalla edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Täze obada bina edilen çagalar bagynda hem körpeler üçin oýun, ýatakhana, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr. Mekdebe çenli çagalar edarasynda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä bilim-terbiýe almaklary, wagtyny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.
Täze obanyň açylyş dabarasynyň dowamynda welaýatyň sungat ussatlary halkymyzyň milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýän sahnalaşdyrylan kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Şowhunly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.