Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen taryhynyň iň ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Ol il-ýurduň sowulmaz ýaz ýaly bagtynyň güwäsidigi bilen şöhratlanýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen dabaralanýan ýylda bagtyýar döwrümiziň gadyr-gymmaty göwünlere has-da üýtgeşik ýakym berýär. Munuň sebäpleriniň biri hem bu ýylda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza 34 ýylyň, hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýylyň dolýandygy bilen baglydyr. Çünki Türkmenistanyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýyllary içinde ýetilen abadan ýaşaýyş we ösüşler il-ýurt bagtyýarlygynyň mizemez binýadydyr. Bu iki mukaddesligiň eçilýän miweleri bu gün ykbalymyzyň asyl manysydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň aýdyň ýoly we bu ýoluň hormatly Prezidentimiz tarapyndan ynamly dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösüşleriň belentligine çykardy. Ýurduň paýtagty, ähli etrap-şäherleri tanalmaz derejede özgerdi. Halkyň, şol sanda ýaş nesilleriň ylym-bilimlilik, aň-düşünjelilik, hünärdir bilermenlik babatdaky derejesi has-da ilerledi.
Biziň güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň saýasynda ýurdumyzyň ähli künjekleri deň derejede ösdürilýär. Şeýlelikde, etraplarda senagat kärhanalary, önümçilik nokatlary yzly-yzyna gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaý bir tarapdan ýerli ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ýola goýsa, beýleki tarapdan halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn esas berýär.
Eziz Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, senagat hem-de gurluşyk babatda uly üstünlikler gazanylýar.
Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir şäherlerde däl, eýsem, oba ýerlerindäki ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýyl paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli möhüm desgalaryň birnäçesi welaýatlarda hem açyldy. Has takygy, Mary welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binalary, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana ulanmaga berildi. Şeýle hem Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Binagärligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň we dünýäniň şähergurluşyk pudagynyň üstünlikleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy gurulýan ähli desgalaryň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini baýlaşdyrmak we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary özleşdirmek arkaly, döwür bilen aýakdaş ösýändigine şaýatlyk edýär.
Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýoluna düşen döwletimiz içerki bazary ýerli çig mallaryň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, innowasion kärhanalaryň gurluşygyna, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Ýylda 1 million tonna önüm öndürijilik kuwwatlylygy bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi milli gurluşyk senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary depginini uzak ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge ýardam berer.
Baky GURBANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.