Bag­ty­ýar hal­ky­myz Ber­ka­rar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda er­ka­na ýa­şa­ýar, dö­red­ýär, gur­ýar. Be­dew bat­ly ösüş­li ýurt­da her bir gü­nü­miz-aýy­myz al­tyn harp­lar bi­len ta­ry­ha ýa­zyl­ýar. Ge­çen 2025-nji ýyl hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka­la­ry bi­len ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ýe­tir­di. Bu ýyl­da ýur­du­my­zyň içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň dün­ýä bi­le­le­şi­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­nuk­ly ösüş ug­ry, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi yk­dy­sa­dy ösü­şi, ma­li­ýe we dur­muş taý­dan dur­nuk­ly­ly­gy, äh­li pu­dak­la­ryň, se­bit­le­riň ne­ti­je­li ös­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mek bi­len, tä­ze iş me­ýil­na­ma­la­ry­na ba­dal­ga ber­mek üçin müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ryn­da do­wam et­di­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär, ýüz­ler­çe kär­ha­na­la­ryň we beý­le­ki des­ga­la­ryň dur­ky tä­ze­le­nip, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar hem-de tä­ze önüm­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Bel­le­ni­len we­zi­pe­le­riň äh­li­si ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň uzak möh­le­te ni­ýet­le­nen top­lum­la­ýyn çä­re­si­ni, dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li amala aşyrylmagynyň mö­hüm we ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ni, gör­ke­zi­ji­le­ri­ni hem-de ne­ti­je­le­ri­ni kes­git­le­ýän mil­li mak­sat­na­ma­lar­da, ýag­ny ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da we Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da, şeý­le hem pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­le­re, be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan har­by öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­zi düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan sy­ýa­sy ug­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­my­za yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär. Har­by dokt­ri­na esas­la­nyp, ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy üp­jün edil­ýär.
Ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin göç­me mej­li­sin­de Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz ge­çen 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň al­nyp bar­lan­dy­gy­ny, Mil­li go­şu­ny­my­zyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da de­giş­li iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.
Ata Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ni hal­kyň yk­ba­ly bi­len berk bag­la­nyş­dyr­ýan, bag­ty­ýar şu gü­nü­miz hem-de röw­şen er­ti­ri­miz ug­run­da ir­gin­siz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç al­syn!

Guwanç MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.