Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da 14 — 16-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­jek «Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly IV hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Ir bi­len hal­ka­ra fes­ti­wa­la gat­naş­ýan Türk­me­nis­ta­nyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň bir­nä­çe­sin­den ge­len teatr­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mol­la­ne­pes adyn­da­ky ta­lyp­lar te­at­ry­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça ýyg­na­nyş­dy­lar. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň teatr ar­tist­le­ri­niň ede­bi saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. On­dan soň­ra hal­ka­ra fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na ta­rap ýo­la düş­di­ler. Hal­ka­ra fes­ti­wa­la gat­naş­ýan teatr­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry ýur­du­my­zyň baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na bar­ýan ýo­luň ug­run­da dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa et­di­ler.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ba­dal­ga ber­di. Ýur­du­my­zyň teatr ar­tist­le­ri­niň taý­ýar­lan ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Da­ba­ra­ny alyp­ba­ry­jy­la­ryň ta­nyş­dyr­ma­gyn­da hal­ka­ra teatr fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ýan ýurt­lar no­bat­ma-no­bat ta­nyş­dy­ryl­dy we teatr ar­tist­le­ri baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na gir­di­ler.
Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň fo­ýe­sin­de fes­ti­wa­la gat­naş­ýan ýurt­la­ryň we­kil­le­ri ýa­dy­gär­lik su­ra­ta dü­şüp, to­ma­şa­çy­lar za­ly­na ýyg­nan­dy­lar. Bu ýer­de hal­ka­ra teatr fes­ti­wa­ly açyl­dy. Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. On­dan soň­ra türk­men teatr sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­dan söz aç­ýan wi­deo­şe­kil gör­ke­zil­di. On­da türk­men teatr sun­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant go­şan ha­ly­pa ar­tist­ler ýat­la­ny­lyp ge­çil­ýär.
«Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly IV hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­syn­da oňa gat­naş­ýan teatr­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len çy­kyş­lar oňa gat­na­şy­jy­lar­da ýa­kym­ly tä­sir­le­ri gal­dyr­dy.