Ba­ha­ryň gel­me­gi bi­len kä­bir adam­da al­ler­gi­ýa ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Agaç, gül we beý­le­ki ösüm­lik­le­riň dö­re­den po­len­le­ri mu­ňa se­bäp bol­ýar. Ho­wa­da­ky po­len­ler bur­na, gö­ze we bo­kur­da­ga ýa­pyş­ýar. Bu ýag­daý al­ler­gi­ki tä­sir dö­red­ýär. Al­ler­gi­ýa be­de­niň zy­ýan­ly däl mad­da­la­ra be­ren jo­ga­by diý­seň hem bo­lar. Al­ler­gi­ýa kä­wagt tu­tuş be­de­niň­de, kä­te bol­sa be­de­niň bir bö­le­gin­de döräp bi­ler. Onuň dö­re­me­gin­de daş­ky gur­şa­wyň hem tä­si­ri bol­ýar. Im­mun ul­ga­my be­de­ni­mi­zi mik­rob, bak­te­ri­ýa we wi­rus ýa­ly zy­ýan­ly mad­da­lar­dan go­ra­ýar. Adamyň be­den­i kä­bir mad­da­la­ra aşa duý­gur bo­lup, bu mad­da­lar gy­jyn­dyr­mak, gy­zar­mak we çiş­mek ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çykarýar. Şeý­le-de bu­run dy­kyl­ma­gy we as­gyr­mak ýa­ly ala­mat­lar is­len­dik ýaş­da­ky adam­da döräp bilýär. Al­ler­gi­ýa­dan sap­lan­mak, köp­lenç, uzak möh­let­li has­sa-luk­man gat­na­şyk­la­ry­nyň sa­byr­ly­ly­gy­ny ta­lap ed­ýär. Şeý­le hem mu­nuň üçin ýö­ri­te der­man­lar we pür­kül­ýän se­riş­de­ler bol­ýar. Im­mun ul­ga­my­ny güýç­len­dir­mek üçin de­ňag­ram­ly iý­mit­len­mek, wag­tyn­da dynç al­mak hem-de aras­sa suw iç­mek mas­la­hat be­ril­ýar. A, B, C we E wi­ta­min­le­re baý bo­lan iý­mit­le­ri has köp iý­me­li.
Al­ler­gi­ýa­dan go­ran­mak üçin il­ki haý­sy po­le­niň al­ler­gi­ýa se­bäp bol­ýan­dy­gy­ny anyk­la­ma­ly. Mu­nuň üçin al­ler­gi­ýa sy­na­gy ze­rur bo­lup, ge­og­ra­fik se­bit­le­re gö­rä üýt­ge­ýän po­le­niň er­tir­den gü­nor­ta­na çen­li iň ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lýan­dy­gy­ny bil­me­li. On­da­ky dy­kyz­lyk ýa­gyş­dan soň aza­lýar. Müm­kin bol­du­gy­ça güýç­li şe­mal­ly ho­wa­da da­şa­ry çyk­maz­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Eger da­şa­ryk çykmak zerurlygy ýüze çyksa uzyn ýeň­li köý­nek we jal­bar geý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Öýe ge­le­ni­ňiz­de el-ýü­zü­ňi­zi ba­da-bat ýuw­ma­ly, eşik­le­ri­ňi­zi tä­ze­le­me­li, geý­len eşik­le­ri ýuw­ma­ly. Ýuw­lan eşik­le­ri müm­kin bol­sa öýüň için­de gu­rat­ma­ly.