Her pas­lyň özü­ne mah­sus ge­çiş döw­ri bol­ýar. My­sal üçin, gyş pas­lyn­da çyg­ly­lyk ar­typ, ho­wa so­wa­ýan bol­sa, ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ho­wa maý­lap, te­bi­gat lä­le­zar­ly­ga bü­ren­ýär. Ot-çöp­le­riň jan­lan­ma­gy, dür­li ys­ly gül­le­riň açyl­ma­gy köp adam­da al­ler­gi­ýa ala­mat­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Al­ler­gi­ýa kä­wagt tu­tuş be­de­nde, kä­te bol­sa be­de­niň bel­li bir bö­le­gin­de dö­räp bil­ýär. Al­ler­gi­ýa­nyň ýü­ze çyk­ma­gyn­da we güýç­len­me­gin­de daş­ky gur­şa­wyň hem tä­si­ri ulu­dyr. Ada­myň im­mu­ni­te­ti be­de­ni mik­rob­lar­dan, bak­te­ri­ýa­lar­dan we wi­rus­dan go­ra­ýar. Adam be­de­ni aşa duý­gur bo­lup, kä­bir zy­ýan­ly mad­da­la­ry gy­jyn­mak, gy­zar­mak we çiş­mek ar­ka­ly ýü­ze çy­kar­ýar. Hü­när­men­ler ba­har al­ler­gi­ýa­sy­nyň ösüm­lik­ler­den bö­lü­nip çyk­ýan to­zan­la­ryň (po­len) kö­pel­me­gi bi­len bag­ly dö­re­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Gö­züň gy­zar­ma­gy we gi­je­me­gi; bur­nuň ak­ma­gy we do­wam­ly as­gyr­mak; bo­kur­da­gyň we gu­la­gyň gi­je­me­gi; ýa­daw­lyk we ys­gyn­syz­lyk ba­har al­ler­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ala­mat­la­ry bo­lup, mu­nuň öňü­ni al­mak üçin kä­bir şert­le­ri ber­jaý et­me­li.
Il­ki bi­len ösüm­lik­le­riň to­zan­lan­ma döw­rün­de da­şa­ry çyk­mak­dan, agaç­ly we ot­ly meý­dan­da ge­ze­lenç et­mek­den sak­lan­ma­ly. Ary­la­ryň we ke­be­lek­le­riň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän to­zan­lan­dyr­ma möw­sü­mi mart aýy­nyň ahy­ry­na ga­bat gel­ýär. Gül­le­riň ysy­na al­ler­gi­ýa­sy bo­lan adam­lar, esa­san hem, ir­de­n gül­län agaç­la­ryň we ösüm­lik­le­riň go­la­ýy­na bar­mak­dan sak­lan­ma­ly.
Ba­har al­ler­gi­ýa­sy bo­lan­lar mart we ap­rel aý­la­ryn­da öýüň pen­ji­re­si­ni hem-de ula­gyň aý­na­sy­ny aç­mak­dan sak­lan­ma­ly. Se­bä­bi şe­ma­lyň tä­si­ri bi­len içe­ri köp muk­dar­da po­len gir­ýär.
Ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan ýu­wun­ma­ly. Esa­san hem, da­şar­dan gel­nen­den soň, el-ýü­zü­ňi sa­byn­lap ýuw­ma­gy en­dik et­me­li. Egin-eşi­giň­de we sa­çyň­da köp muk­dar­da ösüm­lik toz­ga­la­ry­nyň ýa­pyş­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, öýe gi­re­niň­den soň egin­ba­şy­ňy ça­lyş­ma­ly. Ýy­gy-ýy­gy­dan egin-eşik­le­ri­ňi ýuw­ma­ly.
Al­ler­gi­ýa­dan sap­lan­mak köp­lenç uzak wagt we sa­byr­ly­lyk ta­lap ed­ýär. Şol se­bäp­li im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek üçin kada­ly iý­mit­len­me­li, wagt­ly-wag­tyn­da dynç al­ma­ly we köp­räk aras­sa su­w iç­me­li. Wi­ta­min­le­re baý gök önüm­le­ri hem-de mi­we­le­ri köp­räk iý­me­li.
Ba­har al­ler­gi­ýa­sy 2-3 hep­de­den köp do­wam et­se, hök­man maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tut­ma­ly. Maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp, luk­ma­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de al­ler­gi­ýa gar­şy der­man se­riş­de­le­ri­ni al­ma­ly.

Hangeldi Rozyýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby meýdan terapiýasy kafedrasynyň müdiri.