«Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň iri senagatynyň biri bolup, zawodyň gämi gurluşyk ugrunda işlerini netijeli ýola goýmakda, milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmekde öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar.
Bulardan başga-da «Balkan» zawodynyň aglaba bölegi ýaş gämi gurluşykçylardan ybarat bolup durýandygyny nazara almak bilen, şu ýylyň 1-nji fewralyndan başlap «Balkan» zawodynyň önümçilik zerurlygy sebäpli Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan 23 sany gämi reňkleýjileri jemgyýetiniň binýadynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça gysga möhletli 2 aýlyk hünär toparynyň okuwlary okadylýar.
Geçirilýän okuw sapagynda gämileriň gabarasyny we uly göwrümli polat listleri abraziw usulynda posdan arassalamak, gruntowka işleri we reňk işleri ýerine ýetirilmeginiň usullary içgin öwredilýär, bu bolsa ýaş gämi gurluşykçylaryna önümçilige bolan höweslerini artdyrýar hem-de gämi gurluşyk pudagynyň ösmegine itergi berýär.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň web sahypasy habar berýär.