2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.
Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyran waka boldy. Döwlet Baştutanymyz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşylýandygyny, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologiýa taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.
Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini belledi.
Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir. Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra alypbaryjy hormatly Prezidentimizden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Şol pursatda agyz suwuny arassalaýjy desganyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.
Soňra Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş edip, ulanyşa girizilýän täze desganyň diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döredip berýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra hünärmen döwlet Baştutanymyzdan bu möhüm desgany işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Soňra bu desga barada ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.
Soňra dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi.
Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi hem-de Balkan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi.
Hormatly ýaşulular we mährem eneler täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny kesdiler. Şol pursat täze köpriniň üstünde ýörite taýýarlanan ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi. Soňra köpriniň mümkinçilikleri baradaky wideofilme tomaşa edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlan, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir.
Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi.
Çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi.
Türkiýeli işewür Türkmenistanyň gysga wagtyň içinde dünýäniň senagat taýdan çalt depginlerde ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilkinji nobatda, ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna we mineral dökünleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda gurluşygyna badalga beriljek karbamid öndürýän toplumyň hem tebigy gazdan karbamid döküniniň önümçiliginde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasy hökmünde himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösmegine saldamly goşant goşjak, öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan, täzeçil, ekologik taýdan arassa çözgütleri özünde jemleýän bu täze toplumyň gurluşygyna jogapkärçilikli çemeleşjekdigimize hem-de ony ýokary hilli ýerine ýetirjekdigimize ynandyrmak isleýärin» diýip, Ahmet Çalyk aýtdy we ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýe bolan bu täze taslamanyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Soňra «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito çykyş edip, ilki bilen, Türkmenistanda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Işewür Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygyny belledi. Şu ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa sapar bilen bardy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Osakada geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy, şeýle hem ýokary derejede birnäçe duşuşyklary geçirdi. Eisaku Ito ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň 2018-nji ýylda Türkiýäniň “GAP Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalary bilen bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody gurandygyny, şu günki düýbi tutuljak karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny hem «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň “GAP Inşaat” kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirjekdigini aýdyp, munuň Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory çykyşynyň ahyrynda öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmaga mundan beýläk-de goşant goşmagy maksat edinýändigini belläp, hemmeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi.
Häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.
Karbamid öndürjek toplumyň gurluşygy Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» we Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň tehnologiýasy we tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň «Topsoe» kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid önümçiligi Germaniýanyň «ThyssenKrupp», kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.
Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdeleri ýokary derejede peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Şunda mineral dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Toplumda öndürilen önümleri dünýä bazaryna çykarmak üçin anyk işler durmuşa geçiriler. Hususan-da, täze toplumyň taýýar önümlerini eksport ýollary arkaly daşamak üçin Gyýanly gämi duralgasyny abatlamak, bar bolan demir ýoly täze topluma çenli uzaltmak, bu toplumy Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler senagat önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Soňra hormatly Prezidentimiz karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz bu şanly waka — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.
Milli lybasly, eli pilli oglan hormatly Prezidentimizden karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady.
Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde ulanyljak tehnikalar bilen tanyşdy. Bu tehnikalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, göz öňünde tutulan gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi. Bu ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
***
Şol gün «Awaza» sport toplumynyň çäginde ýörite gurnalan göçme sadaka jaýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.
PDF









