Golaýda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwaly geçirildi. Bilşimiz ýaly, Aktau şäheri 2025-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.
Sentýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalyna Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde türkmenistanly teatr artistleri Ç.Işangulyýewiň hem-de A.Berdiýewiň pýesasy esasynda Ö.Galandarowyň sahnalaşdyran «Baýram han Türkmen» atly drama eserini görkezdiler.
Bu sahna oýnunda XVI asyrda Hindistanda Babyr soltan tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletinde «Hanlar hany» hormatly döwlet derejesine eýe bolan Baýram hanyň başdan geçiren gahrymançylyklary, ussat serkerdäniň öz şygyrlarynda beýan edýän maglumatlary janlandyryldy.
Netijede, teatryň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna «Sahna oýnunda milli medeniýeti iň gowy dabaralandyrandygy üçin» atly baýraga, festiwalyň Kubogyna hem-de TURKSOÝ-yň Hormat hatyna mynasyp boldular.
Halkara teatr festiwalyna Azerbaýjan Respublikasynyň Seki welaýatynyň döwlet teatry «Dar agajy», Wengriýanyň Bekeşçaba şäher döwlet drama teatry «Segsen bedre howa», Gazagystanyň Mangistau oblastynyň H.Žanturin adyndaky sazly drama teatry «Görogly», Gyrgyz Respublikasynyň T.Abdymamunow adyndaky baş akademiki drama teatry «Soňky hat», Türkiýe Respublikasynyň Bursa döwlet drama teatry «Rawy we Jellat», Özbegistanyň milli akademiki sazly drama teatry «Abyl we Kabyl» atly sahna oýunlary bilen gatnaşdyrlar.
Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna–TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljak ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara ýokardaky ady agzalan döwletleriň medeniýet we sungat işgärlerinden başga-da Täjigistanyň, Gagauziýanyň (Moldowa) belli režissýorlary hem-de dramaturglary, teatr sungatyny öwreniji alymlary gatnaşdylar.