19-njy maýdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan Balkanabatdaky täze howa menziline yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy. Awiakompaniýa şu seneden ýurduň ähli sebitlerinde ilata degişli gatnaw hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady.
Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy maýdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine ähli uçuşlary ýatyrdy. Has takygy, Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat, Mary – Türkmenbaşy – Mary we Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlar wagtlaýyn ýatyryldy.
Bu ugurlaryň deregine awiakompaniýa tarapyndan Aşgabat – Balkanabat – Aşgabat, Türkmenabat – Balkanabat – Türkmenabat, Mary – Balkanabat – Mary we Daşoguz – Balkanabat – Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlar ýerine ýetirilip başlaýar. Bu barada awiakompaniýa resmi saýtynda habar berdi.