Ba­ly­gyň ýat­keş­li­gi­niň pes­di­gi ba­ra­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri gür­rüň edilýär. Köp­ler ba­ly­gyň 3 se­kunt­lyk ýa­da eýe­di­gi­ne ynan­ýar. Kä­bir halk­da bol­sa ýa­dy gow­şak adam­la­ry su­rat­lan­dyr­mak üçin «Ba­ly­gyň ýat­keş­li­gi ýa­ly» di­ýen jüm­le ula­nyl­ýar. Eý­sem, ha­ky­kat­da­nam al­tyn ba­ly­gyň 3 se­kunt­lyk ýa­dy bar­my? Ba­lyk­la­r bo­lan zat­la­ry nä­çe wagt­lap ýa­dyn­da sak­lap bil­ýär­kä?!
Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar ba­ly­ga mah­sus bu gür­rüň­le­ri tas­syk­la­ma­ýar. Ba­ly­gyň 3 se­kunt­lyk ýa­dy bar di­ýen pi­kir al­tyn ba­ly­ga de­giş­li ha­sap edil­ýär. Ýa­kyn­da al­tyn ba­lyk­lar bi­len bag­ly sy­nag­lar ge­çi­ril­di. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, al­tyn ba­ly­gyň bir­nä­çe hep­de ozal­ky wa­ka­la­ry, ak­wa­ri­um­da bo­lup ge­çen ýag­daý­la­ry ýa­dy­na sa­lyp bil­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Al­tyn ba­lyk bi­ziň pi­kir edi­şi­miz­den has akyl­ly we köp za­dy ýat­da sak­lap bil­ýär.
Ih­tio­lo­gi­ýa (ba­lyk­la­ry öw­ren­ýän ylym) ba­lyk­la­ryň, şol san­da köp gür­rü­ňi edil­ýän al­tyn ba­ly­gyň has güýç­li ýat­keş­li­gi­niň bar­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Ih­tio­log­lar ba­lyk­la­ra iým be­ren­le­rin­de her gün şol bir sa­zy (ses) goý­be­rip­dir­ler. Bir­nä­çe hep­de­den soň ba­lyk­la­r şol se­si eşi­den­le­rin­de iý­mit­len­mek üçin ak­wa­ri­um­da ýo­kar­ly­gy­na ýü­züp baş­lap­dyr­lar.
Ba­lyk­la­ryň um­man­la­ra uý­gun­laş­mak uky­by ýat­keş­lik bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Awst­ra­li­ýa­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ba­lyk­la­ryň iý­mit­le­niş wag­ty­ny we iý­mit­len­ýän ýe­ri­ni, hat­da um­ma­nyň haý­sy ýer­le­rin­de how­puň bar­dy­gy­ny ýat­da sak­lap bil­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ba­lyk­la­ryň ýat­keş­li­gi özü­ni alyp bar­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. Dün­ýä­de gow­şak ýat­keş­li­gi bo­lan ba­lyk gök tang ba­ly­gy ha­sap­lan­ýar. «Ne­mo­nyň göz­le­gin­de» at­ly mult­film­de Do­ri at­ly gök ba­ly­gyň üs­ti bi­len tang ba­lyk­la­ry­nyň ýat­keş­li­gi­niň pes­di­gi su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Mult­fil­me to­ma­şa eden bol­sa­ňyz, Do­ri aý­dy­lan söz­le­ri, aky­ma gö­rä gi­dil­me­li ugur­la­ry, hat­da wa­ka­la­ryň ara­syn­da Mar­lin bi­len bi­le­lik­de Ne­mo­nyň göz­le­gi­ne çy­kan­dy­gy­ny hem ýa­dyndan çy­kar­ýar. Ba­lyk­lar bo­lup ge­çen wa­ka­la­ry, ýa­şa­ýan ýe­ri­ni we «dost­la­ry­ny» bir­nä­çe hep­de­den baş­lap, bir­nä­çe ýyl­a çen­li ýat­da sak­lap bil­ýär­ler.